Saglyk baş baýlykdyr

14 Iýun 2023
500

Ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, welaýat onkologiýa hassahanasynda hem öýkeniň howply täze döremeleriniň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Esasan hem ýaş nesle zyýanly endiklerden daşda durmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi wagyz etmek giňden ýola goýulýar.

Şol çäreleriň çäklerinde etrapdyr şäherlerde raýatlara döş kapasasynyň rentgenografiýa, flýurografiýa barlaglaryny geçirmek hem ýola goýulýar. Munuň özi öýkendäki ýokanç däl keselleri, howply we howpsuz täze döremeleri hem-de inçekeseli irki döwürde ýüze çykarmaga we anyklamaga giň mümkinçilik berýär.

Reýimkuly ROZYBAÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň rentgenolog lukmany.