Balalar baky bagtymyz biziň

14 Iýun 2023
378

Çaga dünýä inen gününden onuň kada laýyk iýmitlendirilmegi zerurdyr. Munuň özi çaganyň fiziki we psihiki taýdan kadaly ösmegi üçin ähmiýetlidir. Bäbekler 6 aýlygyna çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmelidir. Çünki ene süýdi örän arassa we hemişe belli bir temperaturada durýan deňsiz-taýsyz iýmitdir. Ol çagany içgeçmeden, respirator kesellerinden goraýar.

Göwüsden emýän çagalarda allergiýanyň, ganazlygyň, dürli ýokanç keselleriň döremek howpy azalýar. Olarda iýmit siňdirişiň we madda çalşygynyň bozulmalary seýrek duş gelýär. Ene süýdi, ylaýta-da, bäbegiň 6 aýlygynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmite öwrülýär. Onuň düzüminde çaga bedeniniň kadaly ösmegi üçin derwaýys maddalaryň ählisi ýeterlik we dogry gatnaşykda saklanýar. Ene süýdi çaganyň bedeninde ýeňil özleşýändigi sebäpli iýmit siňdiriş ulgamy kämilleşmedik bäbek üçin has möhümdir.

Rejep HALNIÝAZOW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.