''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

“Ýaşyl ýaýladaky” sport ýaryşy

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde “Biz sagdyn nesiller” ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes bildiren çagalar köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi.

3 duşuşykda ýeňiş gazanan topar esasy wagtda belli bolmady

Ko­pa Ame­ri­ka­da çär­ýek fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ek­wa­do­ryň ýy­gyn­dy­sy du­şuş­dy. Oý­nuň 35-nji minutynda ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy Li­sand­ro Mar­ti­nes ta­pa­wut­lan­dy. Ek­wa­dor­ly­lar bu go­la oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 90+2-nji mi­nut­da Ho­se Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len jo­gap ber­di. Ne­ti­je­de, oý­nuň esa­sy wag­ty 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Oýun­dan soň goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den (di­ňe fi­nal oý­nun­da ber­ler) gö­nü­mel pe­nal­ti ur­gu­la­ry­na ge­çil­di. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da ar­gen­tin­le­riň il­kin­ji ur­gu­sy­ny uran su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň to­py sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len Ar­gen­ti­na­dan Al­wa­re­siň, Ma­kAl­lis­te­riň, Mon­tie­liň hem-de Ota­men­di­niň ur­gu­la­ry dürs bo­lup, Ek­wa­dor­da­nam 1-2-nji ur­gu­la­ry uran Me­na bi­len Min­da­nyň pe­nal­ti­le­ri­ni-de ar­gen­ti­na­ly der­we­ze­çi, pe­nal­ti sak­la­mak­da ök­de ha­sap­lan­ýan Emi­lia­no Mar­ti­nes sow­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ek­wa­dor­dan Ýe­boa­nyň hem-de Hor­di Kai­se­do­nyň ur­gu­la­ry dürs bol­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de 4-2 öňe saý­la­nan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu du­şu­şyk­dan soň Ek­wa­do­ryň tä­lim­çi­si Fe­liks San­çe­siň şert­na­ma­sy ýa­ty­ryl­dy. Is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men 2023-nji ýyl­da 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp­dy

Ar­gen­ti­na 30-njy, Ko­lum­bi­ýa 3-nji ge­zek fi­nal­da

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan soň ABŞ-da do­wam ed­ýän 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka­da hem fi­nal­çylar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. To­par­ça­da hem du­şu­şan to­par­la­ryň bu du­şu­şy­gyn­da-da şol oýun­da­ky ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy Hu­li­an Al­wa­re­siň 22-nji, Lio­nel Mes­si­niň 51-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da Kanadany 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, Ko­pa Ame­ri­ka­da bas­syr 2-nji, soň­ky 8 ýa­ryş­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 30-njy ge­zek fi­na­la çyk­dy. Messiniň

Bas­ket­bol hal­ka­sy nä­me üçin 3 metr be­ýik­lik­de?

Bas­ket­bol dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça ada­myň ha­la­ýan sport gör­nü­şi­dir. Dün­ýä­de sport zal­la­ryn­dan baş­lap, se­ýil­gäh­ler­de we ýol­la­ryň ug­run­da bas­ket­bol hal­ka­jyk­la­ryna duş gel­mek bol­ýar. Kä­bir bas­ket­bol li­ga­la­ryn­da ki­çi ýaş­ly­la­ra ni­ýet­le­nen oýun­lar­da bas­ket­bol hal­ka­sy pes­räk­de otur­dy­lyp bil­ner. Ýö­ne or­ta sport mek­dep­le­rin­den baş­lap, pro­fes­sio­nal li­ga­la­ra çen­li ýa­ryş­lar­da, ada­ty oýun­lar­da hal­ka­lar şol bir be­ýik­lik­de ber­ki­dil­ýär. Eý­sem, siz bas­ket­bol hal­ka­sy­nyň nä­me üçin 3 metr be­ýik­lik­de go­ýul­ýan­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip gör­dü­ňiz­mi? 1891-nji ýy­lyň de­kab­r aýyn­da Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de ýa­pyk bi­na­da top oý­na­ma­ly bo­lan­da ka­na­da-ame­ri­kan mu­gal­ly­my Jeýms Neýs­mit to­py ör­me açyk se­bet­den ge­çir­me­gi tek­lip ed­ýär. Şeý­le­lik bi­len bas­ket­bol oý­ny dö­re­ýär. Bas­ket­bol iň­lis di­lin­dä­ki «bas­ket» – se­bet we «ball» – top di­ýen söz­le­rden eme­le ge­lipdir. Bas­ket­bol oý­nun­da il­ki­baş­da her to­par­da 9 oýun­çy bo­lup, oýun­çy­lar ýer­le­rin­de but­na­man dur­ma­ly eken. Top el­den ele ge­çip se­be­de ok­la­nyp­dyr. Ör­me se­bet­ler soň­lu­gy bi­len aşa­gy tor­ly de­mir hal­ka bi­len çal­şy­ryl­ýar. Em­ma il­ki­baş­da 3 metr be­ýik­li­ge ber­ki­di­len hal­ka­la­ryň or­ny üýt­ge­dil­me­ýär.

Ýitip gitmek how­py aban­ýan jan­dar­lar

Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bi­le­le­şi­gi (IUCN) jan­ly-jan­dar­la­ryň 4 müň gör­nü­şi­niň howp as­tyn­da­dy­gy­ny bel­le­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, te­bi­gy şert­le­riň üýt­ge­dil­me­gi, kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi we se­na­ga­tyň ös­me­gi jan­ly-jan­dar­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­niň ýi­tip git­mek how­pu­na se­bäp bol­ýar. Ilatyň çalt kö­pel­me­gi we ýa­şa­ýyş ýer­le­ri­niň gi­ňe­me­gi hem ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň öý­le­ri­ni taş­lap git­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ge­liň, Ýer ýü­zün­den ýi­tip git­mek how­py aban­ýan kä­bir jan­dar­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ta­pa­nu­li oran­gu­tan. Adam­sy­pat maý­myn­la­ryň to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan ta­pa­nu­li oran­gu­tan 2017-nji ýyl­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Dün­ýä­niň di­ňe bir ýe­rin­de – In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra ada­syn­da­ky tro­pik to­kaý­lar­da duş gel­ýän bu maý­myn­la­ryň sa­ny 800-den geç­me­ýär. Gy­zy­lym­tyl-go­ňur sü­tük­li bu maý­myn­lar mi­we, gur­çuk we agaç­la­ryň tä­ze bal­dak­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler.

Di­şi­mi­ze zy­ýan­ly iý­mit­ler

«Görk agyz­dan...» diý­li­şi ýa­ly, adam­zat jem­gy­ýe­ti ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri aş­ha­na me­de­ni­ýe­ti­ne we iýip-iç­mek düz­gün­le­ri­ne uly üns ber­ýär. Haý­sy iý­mi­ti ha­çan we nä­çe­räk muk­dar­da iý­me­li, haý­sy iý­mit­den ga­ça dur­ma­ly? Iý­mit adam sag­ly­gy­na düýpli tä­sir ed­ýär. Şol san­da kä­bir iý­mit­ler iý­len­de be­den ag­za­la­ry­na ze­per ýe­ti­rip hem bil­ýär. Iý­mit çeý­ne­len­de esa­sy ag­ram di­şe düş­ýär. Gar­ran wag­tyň gad­ry­na ýe­til­ýän di­şi­mi­zi ça­ga­lyk­dan sag­dyn sak­la­ma­ga üns ber­me­li. Şeý­le hem di­şi­mi­ziň sa­ral­maz­ly­gy we çüý­re­mez­li­gi üçin kä­bir iý­mit­dir içim­lik­leri iýip-içmekden ga­ça dur­ma­ly. Sit­rus mi­we­le­ri. Na­rynç mi­we­le­riň dü­zü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­de C wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar. Li­mon, pyr­ty­kal, man­da­rin, greýpf­rut ýa­ly mi­we­ler yzy­gi­der­li iý­len­de di­şe ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, «kis­lo­ta­ly mi­we­leriň» şi­re­si wag­tyň geç­me­gi bi­len di­şiň çüý­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şonuň üçin sit­rus mi­we­le­rini aşa köp iý­mek­den sak­lan­ma­ly.

Gras – hoş­boý ys­ly gül­le­riň şä­he­ri

Dün­ýä­de 10 müň tö­we­re­gi şä­her bo­lup, ta­ry­hy bi­na­la­ry, owa­dan te­bi­ga­ty we me­de­ni­ýe­ti bi­len bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar. Şä­her­le­riň kö­pü­si ön­dür­ýän önü­mi, mil­li gym­mat­lyk­la­ry ýa-da ta­gam­la­ry bi­len meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, dün­ýä­de şol aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­nal­ýar. Fran­si­ýa­nyň Gras şä­he­ri hem hoş­boý ys­ly gül­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mer­ke­zi bo­lup, bu şä­her dün­ýä­de parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­ýar. Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň ady ag­za­lan­da, il­ki bi­len Fran­si­ýa göz öňü­ňe gel­ýär. Fran­si­ýa­da atyr önüm­çi­li­gi­niň «Fra­go­nard», «Ser­ge Lu­tens», «Gu­er­la­in», «Sha­li­mar», «Cha­nel», «Lomb­re dans» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­le­ri ön­dü­ri­lip, dür­li ýer­le­re eks­port edil­ýär. Şeý­le hem Nýu-Ýork, Sin­ga­pur, To­kio, Lon­don we Du­baý ýa­ly sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen şä­her­ler­de fran­suz atyr­la­ry­nyň dü­kan­la­ry hem bar. Ýur­duň atyr önüm­çi­li­gin­de Nan­tes, Gras, Mar­sel, Kab­ri­ýer-d’Awi­ni­on, Stras­burg ýa­ly şä­her­ler öň­de­li­gi eýe­läp, iň naý­ba­şy atyr­lar Gras şä­he­rin­dä­ki gül­ler­den alyn­ýar.

Kos­mos mis­si­ýa­la­ry me­ýil­leş­diril­ýär

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy has uzak­da­ky kos­mo­sy öz­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len tä­ze mis­si­ýa­la­ry ama­la aşyr­mak­çy bol­ýar. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň mil­li kos­mos do­lan­dy­ryş gul­lu­gy­nyň (CNSA) baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Býan Çži­gan met­bu­gat üçin mas­la­hat­da mä­lim et­di. Hytaý 2025-nji ýyl­da as­te­ro­id­le­ri öw­ren­mek maksady bilen «Týan­wen-2» mis­si­ýa­sy­ny, 2030-njy ýyl­da Mars­dan nus­ga­la­ry ýyg­nap, Ýe­re ge­tir­mek üçin «Týan­wen-3» missiýasyny we Ýu­pi­ter ul­ga­my­ny öw­ren­mek üçin «Týan­wen-4» mis­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­megi me­ýil­leş­di­r­ýär.

Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan kon­we­ýer gur­mak­çy

Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýük da­şa­mak mak­sa­dy bi­len 500 ki­lo­met­re uza­ýan aw­to­mat­laş­dy­ry­lan kon­we­ýe­ri gur­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­na ga­ra­ýar. Göz öňün­de tu­tul­ýan lo­gis­ti­ka ug­ry ýur­duň esa­sy şä­her­le­ri­ni bir­leş­di­rer we her gün mil­li­on­lar­ça ton­na ýük da­şa­ma­ga ýar­dam be­rer. «Mons­ter» at­ly iri tas­la­ma Ýa­po­ni­ýa­nyň ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň bi­ler­men­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Hö­kü­met el­tip ber­mek pu­da­gyn­da iş­çi güý­jü­niň ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly lo­gis­ti­ka kyn­çy­lyk­la­ry­ny ara­dan aýyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ugur­la­ryň tä­ze ul­ga­my To­kio­ny, Osa­ka­ny we beý­le­ki şä­her­le­ri bir­leş­di­rer we tak­my­nan, 25 müň ýük aw­tou­la­gy­nyň or­nu­ny tu­tar. Şeý­le hem bu tas­la­ma ýol­lar­dan on müň­ler­çe ýük aw­tou­la­gy­ny ke­melt­mek bi­len, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny-da azal­dar.

Tä­ze ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry ta­pyl­dy

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri şa­za­da Ab­du­la­ziz bin Sal­man ýur­duň gün­do­gar we­la­ýa­tyn­da we Rub al-Ha­li säh­ra­syn­da ýe­di sa­ny tä­ze ne­bit we gaz go­ru­nyň ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Mi­nist­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry ýur­duň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy «Sau­di Aramco» ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Iň uly ýahta suwa goýberiler

Dün­ýä­niň iň uly ýah­ta­sy bol­jak «Ulys­sia» su­per­ýah­ta­sy 2028-nji ýyl­da su­wa goý­be­ri­ler. «Gä­mi­niň uzyn­ly­gy 324 metr bo­lup, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len «Ti­ta­nik»-den (269 metr) has uzyn bo­lar» di­ýip, «Na­ked Science» web saý­ty ha­bar ber­ýär. Bu tas­la­ma bel­li di­zaý­ner Es­pen Oý­no ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di we onuň gur­lu­şygy 2028-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ta­mam­la­nar. «Ulys­sia» su­pe­rý­ah­ta ady­ny gö­ter­ýän hem bol­sa, ýo­lag­çy gä­mi­si­dir. Onuň bor­tun­da 112 ine­dör­dül metr­den 930 ine­dör­dül met­re çen­li bo­lan ka­şaň pent­ha­us­lar ýer­le­şer. Her bir pent­ha­us ýa­tyl­ýan otag­lar, myh­man otag­la­ry, aş­ha­na­lar we um­ma­na bak­ýan giň ter­ra­sa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. «Ulys­sia»-nyň gur­lu­şy­gyna in­di­ki ýyl Ger­ma­ni­ýa­nyň «Meyer Werft» gä­mi abat­la­ýyş kär­ha­na­synda baş­lanar. Gä­mi lýuks, ra­hat­lyk we in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ut­gaş­dy­ryp, in­že­ner­çi­lik we di­zaýn sun­ga­ty­nyň ha­ky­ky nus­ga­sy­na öw­rü­ler.

Saýlawlardaky garaşylmadyk netije

7-nji iýul­da Fran­si­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ry­nda Žan-Lýuk Me­lan­şo­nyň «Tä­ze halk fron­ty» çep­çi par­ti­ýa­lar to­pa­ry bi­rin­ji orny eýeledi. Ikin­ji or­ny Em­ma­nu­el Mak­ro­nyň bileleşigi, üçün­ji orny Ma­rin Le Pen bi­len Žor­dan Bar­del­la­nyň «Mil­li bi­le­le­şi­gi» eýe­le­di. Şeý­le­lik­de, «Tä­ze halk fron­ty» 182 or­na eýe bol­dy. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Bi­le­lik­de» bi­le­le­şi­gin­den 168 de­pu­tat par­la­men­te gi­rer. «Mil­li bi­le­le­şik» par­ti­ýa­sy bol­sa par­la­ment­dä­ki orun­la­ryň 143-si­ne eýe bol­dy.

Täze hökümet guruldy

Zäh­met par­ti­ýa­sy­ Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan­dan soň, ýur­duň Ko­ro­ly Karl III partiýanyň Lideri Kir Star­mere tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni düz­megi tabşyrdy. Şeý­le­lik­de, ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne De­wid Lem­mi, go­ran­mak mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne Jon Hi­li bel­le­nil­di, Reý­çel Riwz bol­sa ýur­duň il­kin­ji ze­nan ma­li­ýe mi­nist­ri bol­dy. Tä­ze Ka­bi­net yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­raş­ma­gyň wag­ty­ny azalt­mak, je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek we aras­sa ener­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça tä­ze jem­gy­ýet­çi­lik kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­ret­mek ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ün­si jem­le­mek­çi. Şeý­le-de, Zäh­met par­ti­ýa­sy ter­ror­çy­ly­ga, kont­ra­ban­da we adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­me­giň çäk­le­rin­de aý­ra­tyn ser­het howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tä­ze Ka­bi­net Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň mek­dep­le­rin­de mu­gal­lym­la­ryň sa­ny­ny 6,5 mü­ňe çen­li art­dyr­mak we baş­lan­gyç mek­dep­le­ri mugt er­tir­lik na­ha­ry bi­len üp­jün et­mek is­le­ýär.

Ma­sud Pe­zeş­ki­an ýe­ňiş ga­zan­dy

5-nji iýul­da Eý­ran­da ge­çi­ri­len no­bat­dan da­şa­ry Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da re­for­ma­çy da­laş­gär, öň­ki sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri Ma­sud Pe­zeş­ki­an ýe­ňiş ga­zan­dy. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Pe­zeş­ki­a­n 16 mil­li­on 384 müň­den gow­rak (54,76 gö­te­rim) saý­law­çy­nyň se­si­ni al­dy. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň li­de­ri­niň ýa­nyn­da­ky Ýo­ka­ry mil­li howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň we­ki­li, kon­ser­wa­tor Sa­id Ja­li­li bol­sa, 13 mil­li­on 538 müň­den gow­rak (45,24 gö­te­rim) ses al­dy.

Hem­mä­mi­ziň bor­ju­myz

Şu gün­ler ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da, iş ýer­le­rin­de elekt­rik we gaz en­jam­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk gur­na­ma­ga, ulan­ma­ga we ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mä­ge ça­gy­ryp, şu­la­ry ýat­lad­ýar: Iş­läp du­ran elekt­rik we gaz en­jam­la­ry­ny gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­mak örän howp­lu­dyr. Elekt­rik sarp edi­ji­li­gi ýo­ka­ry bo­lan elekt­rik en­jam­lar gur­na­lan­da elekt­rik tok ul­ga­my aý­ra­tyn­lyk­da ge­çi­ri­lip, elekt­rik tok ge­çi­ri­ji ug­run­da go­raý­jy otur­dy­lyp, ola­ryň iş­le­ýän wag­ty gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly. Elekt­rik en­jam­lar gur­na­lan­da, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň sü­tün­le­ri ber­ki­di­len­de ýö­ne­keý usul­da sa­rap goý­mak ga­da­gan edil­ýär. En­jam­la­ryň bi­rik­di­ri­ji­le­ri­niň elekt­rik to­gu­nyň gar­şy­lyk­la­ýyn ge­çip, gyz­mak­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin, ola­ryň berk gy­sy­lyp dur­ma­gy­ny üp­jün et­me­li. Elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar gur­na­lan­da, ula­ny­lan­da elekt­rik se­ti­ni köp iş­let­mek, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň, en­jam­la­ryň go­raý­jy­la­ry­ny nä­saz ýag­daý­da sak­la­mak ýa-da ola­ra bö­lek sim sa­rap ulan­mak, elekt­rik ge­çi­ri­ji sim­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň za­ýa­la­nan gör­nüş­le­ri­ni ulan­mak ta­la­ba­la­ýyk däl­dir. Elekt­rik en

Dünýä täzelikleri

Eme­li aňa ba­gyş­la­nan mas­la­hat. Şan­haý­da 4-7-nji iýul ara­ly­gyn­da eme­li aň bo­ýun­ça VII Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Çä­rä bü­tin dün­ýä­den 500-den gow­rak myh­man gat­naş­dy. Mas­la­ha­t­da iki müň tö­we­re­gi in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Ola­ryň ara­syn­da adam­sy­pat ro­bot­lar, uçar­man­syz ulag­lar we dron­lar bar. Re­kor­dy tä­ze­län ýol. Hy­taý­da bir­ba­da 10 sa­ny dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­län ägirt uly Şenç­žen-Çžun­şan de­ňiz ýo­ly açyl­dy. 24 ki­lo­metr­lik ýol 2 şä­he­riň ara­syn­da­ky ýo­luň wag­ty­ny iki sa­gat­dan 30 mi­nu­ta çen­li azal­dar. Tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy ýe­di ýyl do­wam et­di we umu­my çyk­da­jy­lar 1,5 mil­liard dol­lar bol­dy.

«Görk – agyz­dan...»

Sag­dyn bol­mak üçin esa­sy şert­le­riň bi­ri hem, ka­da­ly, aras­sa iý­mit­len­mek we fi­zi­ki taýdan iş­jeň ýag­daý­da bol­mak­dyr. Sag­dyn iý­mit­len­mek süý­jü­li dia­bet­den, ýü­rek-gan da­mar ke­sel­le­rin­den, in­sult­dan hem-de beý­le­ki ýo­kanç däl ke­sel­ler­den adam be­de­ni­niň go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bü­tin dün­ýä­de ilat ara­syn­da se­miz­li­giň we ar­tyk­maç ag­ra­myň gör­ke­zi­ji­le­ri art­ýar. Munuň öňü­ni al­mak üçin iý­ýän iý­mi­ti­mi­ze aý­ra­tyn üns ber­me­li­di­ris. Her gün möw­süm­le­ýin biş­ýän ter gök önüm­le­ri, mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li hem-de iý­mi­tiň dü­zü­mi­ne kö­sük­li, dä­ne­li önüm­le­ri, ma­ňyz­la­ry goş­ma­ly. Kö­sük­li­ler we ma­ňyz­lar ösüm­lik be­lok­la­ry­nyň esa­sy çeş­me­si­dir. Ra­fi­nir­le­nen krah­ma­lyň, şe­ke­riň, ýag­la­ryň we du­zuň ula­nyl­ma­gy­ny iý­mi­tiň dü­zü­min­de müm­kin bol­du­gyn­dan azaltmaly. Iý­mit re­je­sin­de be­lok­lar, ýag­lar we ug­le­wod­lar 1: 1:4 gat­na­şyk­da bol­ma­ly. Se­bä­bi ýag­lar öý­jük gur­lu­şy­na, de­ri ör­tü­gi­niň sag­ly­gy­na, kä­bir wi­ta­min­le­riň öz­leş­me­gi­ne we iý­mit­den ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär­ler. Doý­gun däl ýag­la­ryň doý­gun we tran­si­zo­mer­li ýag­lar­dan peý­da­ly­dy­gy­ny her bir adam, esa­san hem, öý bi­ke­le­ri bil­me­li­dir­ler. Doý­gun däl ýag­lar, ýag­ny ba­ly­gyň, ma­ňyz­la­ryň, gü­ne­ba­ka­ryň, zeý­tu­nyň ýa­gy sag­dyn i

Ro­bot de­mir­ýol­çy işe baş­la­dy

Teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Ýa­po­ni­ýa de­mir ýol gat­na­wy­nyň hem ösen ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da de­mir ýol inf­rast­ruk­tu­ra­syn­da iş­le­dil­mek üçin bo­ýy 12 met­re ýet­ýän äpet ro­bot iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Ýük ula­gy­na ber­ki­di­len ro­bot de­mir ýo­luň elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni abat­la­ýar. Ulag­da­ky ope­ra­tor en­ja­ma göz hök­mün­de ýer­leş­di­ri­len ka­me­ra­la­ry ar­ka­ly oňa gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Ope­ra­tor mu­nuň üçin hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­ni dak­ýar. Ro­bot reňk guý­lan gu­ty­ny, çot­ga­ny, byç­gy­ny we ýi­ti gu­ral­la­ry ula­nyp bil­ýär. Gün­ba­tar Ýa­po­ni­ýa de­mir ýol­la­ry eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ka­zua­ki Ha­se­ga­wanyň aýt­ma­gy­na gö­rä, ro­bot, il­kin­ji no­bat­da, elekt­rik li­ni­ýa­sy­na zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek agaç şa­ha­la­ry­ny kes­mek­de we elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni abat­la­mak­da peý­da­la­ny­lar. Ka­zua­ki bu ro­bo­tyň iş­çi­le­riň ara­syn­da­ ýü­ze çy­kyp bil­jek tok ur­mak ýa-da gaç­mak ýa­ly ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Nip­pon Sig­nal» hem-de «Jin­ki It­tai» kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan ro­bot ýur­duň gar­ra­ýan ila­ty se­bäp­li ýü­ze çy­kyp bil­jek iş­çi ýet­mez­çi­li­gi­niň hem öňü­ni alar.

At­gu­lak – der­man­lyk ösüm­lik

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da der­man­lyk ösüm­lik­ler giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň kö­pü­si bir­nä­çe ke­sel­le­ri be­jer­mek­de mö­hüm se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Yn­san hem is­len­dik jan­ly or­ga­ni­zim ýa­ly ösüm­lik dün­ýä­si bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr hem-de bio­lo­gi­ki nuk­daý­na­zar­dan oňa has ýa­kyn­dyr. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz der­man­lyk ösüm­lik­le­re örän baý­dyr. Şeý­le der­man­lyk ösüm­lik­le­riň bi­ri hem ekin ýer­le­rin­de, ýol gy­ra­lar­da, dag-düzlerde ýe­tiş­ýän at­gu­lak­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li, yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da hem türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik dün­ýä­sin­de äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýän at­gu­lak ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. At­gu­lak­dan dür­li mel­hem­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň we ulan­ma­gyň usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu ösümlik ir­ki za­man­lar­dan bä­ri der­man­lyk mak­sat­lar üçin peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýär. Onuň te­ra­pew­ti­ki ula­ny­ly­şy örän giň­dir. Ösüm­lik ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­lar Abu Ali ibn Si­na­nyň dün­ýä bel­li «Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ka­nun­la­ry» we Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň «Luk­man­çy­lyk­da far­ma­kog­no­zi­ýa» eser­le­rin­de be­ril­ýär. At­g

Emeli gözelleriň bäsleşigi

Dün­ýä­niň eme­li aň ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. «Miss AI» at­ly bäs­le­şik­de bi­rin­ji ýer ala­na 20 müň dol­lar pul baý­ra­gy go­ýul­dy. Komp­ýu­ter­de dö­re­di­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da ma­rok­ko­ly «inf­lu­encer» Ken­za Laý­li bi­rin­ji bol­dy. Bü­tin­dün­ýä eme­li aň dö­re­di­ji­le­ri baý­ra­gy­ny (WAICA) al­ma­ga je­mi 1 müň 500 mo­del gat­naş­dy. Ola­ra ha­ky­ka­ta ýa­kyn­ly­gy­na we teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä ba­ha be­ril­di. «The Post» ne­şi­ri­ne «in­terw­ýu be­ren» Laý­li adam­lar ýa­ly duý­gu­la­ry duý­ma­ýan hem bol­sa, baý­rak alan­dy­gy üçin tol­gu­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Öz blo­gyn­da yzy­gi­der­li ýaz­gy ýaz­ýan Ken­za Laý­li­niň «Ins­tag­ram»-da 194 müň yzar­laý­jy­sy bar. Ýa­ryş­da ikin­ji or­na fran­si­ýa­ly La­li­na, üçün­ji ýe­re por­tu­ga­li­ýa­ly Olivia C. my­na­syp bol­dy. Ýaryşy guraýjylar bäsleşige gyzyklanmanyň örän ýokary bolandygyny belleýärler.