79-njy sessiýa öz işine başlady
10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisi öz işine başlady. Ýyllyk sessiýanyň gün tertibi dünýäniň käbir sebitlerinde ýüze çykan çylşyrymly meseleleri çözmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ösýän ýurtlara kömek ýaly dürli meseleleri öz içine alýar. Täze sessiýanyň esasy wakasy, däp bolşy ýaly, 24-nji sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda, şeýle hem 30-njy sentýabrda guralýan ýokary derejeli maslahat hasaplanýar. Maslahata köp sanly döwlet ýolbaşçylary we ministrler gatnaşyp, möhüm meseleler barada çykyş edýärler. Bu ýyl her ýylky sessiýanyň çäginde ilkinji gezek «Geljegiň sammiti» guralyp, onuň dowamynda parahatçylyk we global howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Sammitiň ahyrynda «Geljek üçin şertnama», «Global sanly ylalaşyk» we «Geljekki nesiller üçin jarnama» tassyklanar. Bu çäre has gowy geljege nädip ýetip boljakdygy we geljegi nädip üpjün etmelidigi barada täze halkara ylalaşygyny döretmek maksady bilen 22-23-nji sentýabrda geçiriler.