''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Mähir akabasy

Enäniň ýüreginiň älem ýaly giň, umman ýaly çuňlugyna Zemindäki ähli mähremligiň eziz enelerde jemlenendigine Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Aslynda, ene barada oýlananyňda, her bir adamda, aýratynam, gyz çagada öz enesinden geçen häsiýetleriň gaýtalanýandygyny görýärsiň. Enäniň perzendini ezizleýşiniň, söýüp-söýgüleýşiniň hiç zat bilen ölçäp bolmajak derejede ýokarydygyny beýan edýän mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri bize hemişe ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitapdaky aňyňa, suňňüňe ornaýan jümleler özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem, wagtal-wagtal käbämiň nurly keşbi göz öňümde janlanyberende bu eseri elime alanymy hem duýman galýaryn. Sebäbi kitapda beýan edilýän enäniň perzende garaýşy baradaky wakalar süňňüňi bogun-bogun söküberýär. Hormatly Prezidentimiziň ene baradaky bu kitabynda öz mähriban ejesi hakynda: «Uýalarym babatda ol talapkärdi, ýöne bu diňe gyz perzendiniň edep-terbiýesi bilen baglanyşyklydy. Okuwdan ýa-da işden gelýän gyzlaryndan gününiň nähili geçendigini sorap, olara mähir bilen serederdi. Käteler bolsa bile oturyp, iňňän gyzykly söhbet ederdi» diýýär. Ýadymda galan şu jümleler gyz perzendiň enäni gaýtalamasynyň, durmuşyň ýazylmadyk kanunlarynyň biridigine düşünýärsiň. Şu pursat uzaklarda galan ejeli günlerime dolaýar.

Şirin-şeker sözleri

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uzak ýaşly ene Bagty Hojamowalaryň döwletli maşgalasynda ilkinji ýuwlugyň dünýä inendigini eşidip, mährem enäni gutlamaga howlukdym. Kümüş saçly ene sallançagyň alaja bagyny çekip oturyşyna, mylaýym hüwdülere hiňlenýärdi. Ukynyň arasynda kä ýylgyryp, kä seňrigini ýygryp ýatan gyzjagaza guwançly nazaryny aýlap: — Bu meniň Sahujemalym, ilkinji ýuwlugym. Gahryman Arkadagymyzyň gurup berýän eşretli zamanasynyň bagtly balasy. Şeýle bagta ýetmek her kime nesip etsin! — diýip, maňa töre geçmegi mürähet etdi. Men, ilki bilen, balajygy ýüzüme syldym. Bagty enäniň perişde kimin mylaýym, mähriban keşbini synlap oturmaklygyň ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýandygyny aňdym. Soňra bolsa:

Ene mähri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakdaky alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň birjik-de ünsden düşürilmeýän wajyp ugrudyr. Aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi, olaryň zähmet we durmuş şertleri, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meseleler milli kanunçylykda öz doly beýanyny tapdy. Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga, saglygyna seretdirmäge, durmuş üpjünçiligine bolan we beýleki esasy hukuklary diňe bir kanunçylykda üpjün edilmän, eýsem, olar döwlet tarapyndan doly kepillendirilýär. Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgyýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Çünki zenan — ene, zenan — hünärmen, zenan — ýolbaşçy, zenan — zähmetkeş... şularyň her biriniň aňyrsynda iner ýüki jogapkärçilik ýatyr. Ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşlerine we özgerişlerine mynasyp goşant goşup gelýän şol zenanlaryň sarpasy bu günki gün has belentden tutulýar.

Durmuş öwrümleri hakda oýlanma

Pederim hakda oýlananymda çagalyk döwrümdäki ýatlamalar kalbymy heýjana salýar. Pederim, sen maňa deň-duşuň, ýürekdeş dostuň hökmünde garardyň. Meniň bilesigelijilik bilen soraýan sowallarymy jogapsyz goýmazdyň. Bir gün dostluk baradaky gürrüňimizde: «Oglum, hemişe kitaby dost tutungyn, çünki ol hiç mahal ýalňyşdyrmajak dogry ýoly salgy berýändir» diýipdiň. Işiň juda kändigine garamazdan, gündelik wagtyň bir bölegini çagalaryňa sarp ederdiň. Teleýaýlyma bileje oturyp tomaşa ederdik, gazet-žurnallary okardyk. Soňra ara alyp maslahatlaşardyk, düşünmeýän zatlarymy howlukman düşündirerdiň. Mekdebiň sport meýdançasynda top oýnardyk, mellek ýerimizde işlärdik. Nirä gitseň-de, köplenç, ýanyňdan goýmazdyň. Hiç mahal gaharlanan, ajy söz aýdan wagtyňa gabat gelmändim. Islendik meseläni parahat çözerdiň, oýlanman söz aýtmazdyň. Men şeýle pederimiň bardygyna buýsanardym. Şol döwürler aňymda hemişe sen ýanymda bolaýjak ýalydyň. Emma durmuş pikir edişimçe däl eken. Durmuş öwrüm-öwrüm, belentli-pesli ýaýylyp gidýän soňy görünmeýän ýol ýaly eken. Tomus aýlarynyň bir günüdi. Sen üzüm teläriniň saýasynda ertirlik edinip otyrdyň. Men bolsa obamyzyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän ekerançylyk meýdanyna işe gitmek üçin goşlarymy düwýärdim. Birdenem, maňa garaýan nazaryňa gözüm düşdi. Ol gözler hem maňa hem-de bir zatlar hakda oýa batyp uzaklara seredýärdi. Men beýle garaýşyňa heniz duş gelmändi

Peýdaly maslahatlar

Howa sowan wagtlary egnimize ýyly geýimler geýýäris. Penjeklerimiziň ýakalaryna dürli reňkli daşlardan bezelen gülýakajyklar (broşka) dakynýarys. Käbir dakylýan gülýakalar agyr bolup, ýakalaryň sallanmagyna getirýär. Gülýakany dakyp, onuň yzyna birnäçe gatly pamyk diskini ýa-da ýumşak mata bölegini goýmaly. Ol eşigiň üstündäki ýüki azaldyp, gülýakanyň sallanyp durmazlygyndan goraýar. * * *

Doragly şirinlik

Gerekli önümler: 350 g dorag, 1,5 bulgur mannyý sülesi, 4 sany ýumurtga, 200 g gaýmak, 2 sany gabartma tozy, 2 sany wanilin, 1 käse ülje ýa-da smorodina, 1 bulgur şeker.

Käbäme salam hat (Oýlanma)

Wagtyň geçmegi adam aňynyň kämilleşmegine, pikir öwrülişiginiň çuňlaşmagyna ýardam berýär. Ýyllar geçdigisaýy köp zada has oýlanyşykly çemeleşmek, söz meselesinde ätiýaçly gürlemek, hereketleriňe aýratyn üns bermek endige öwrülip galýar. Bu dogduk öýüňden daşlaşanyňda has hem mese-mälim duýulýar. Kiçiräk wagtymyz ejelerimiziň gulagymyza guýan öwüt-ündewleriniň bu günki gün il arasynda abraý getirýän pursatlary şol edep-terbiýäni beren mähribanlarymyza bolan hoşallygymyz has-da artýar. Aslynda, ata-enelerimiz ählimiz üçin hem edep-terbiýe mekdebimizdir. Olar biziň il içinde abraýly, mertebeli, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegimiz üçin uly alada edýär. Kiçilikden halanmaýan hereket etseň ýazgaryp, utandyryp, ýaramly hereketiň öwgüsini ýetirip, berekellasyny aýdyp bizi durmuşyň dogry ýoluna ugrukdyrýan mähribanlarymyz şeýdip bizi kemala getirýär. Olaryň terbiýeçilik mekdebi biziň galan ömrümize nusgalyk ýol bolup galýar.

Çaga terbiýesiniň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiligini öwrenmek, onuň gymmatly pikirlerini ýaşlara düşündirmek, wagyz-nesihat etmek terbiýeçilik işleriniň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, çagalary terbiýelemekde, ýaşlara bilim bermekde halk döredijiligi gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy iňňän gadymy bolup, onuň halk döredijiligi hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şahyrana halk döredijiligi halkymyzyň geçmiş taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigata, ondaky bolup geçýän hadysalara bolan gatnaşygy ýaly onlarça ugurlary öz içine alýar. Türkmen halk döredijiliginiň duýguly owaz bilen ýerine ýetirilýän iň gadymy görnüşleriniň biri «Eneleriň aýdymy» hasap edilýän hüwdülerdir. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri arzuw-islegleri, garaýyşlary beýan etmekden, däp-dessurlardan, gündelik durmuşdan döräp, ýerine ýetirilişi, tertip-düzgüni bar bolsa, hüwdülerde olar ýaly şert derwaýyslygy ýokdur. Hüwdi eneleriň öz perzendine bolan mährinden, söýgüsinden dör

Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy

Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň özenini düzýär. Çagalaryň goraglylygy bilen bagly hukuklar halkara hukugynda ileri tutulýan kadalar hökmünde öňe sürülýär. Bu kepillikleriň üpjün edilmeginiň netijesinde bolsa ählitaraplaýyn sagdyn, ösen dünýägaraýyşly nesli kemala getirmäge köpugurly şertleriň toplumy döreýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kada hem maşgala binýadynyň, ýaş nesliň kanun taýdan goraglylygyny kepillendirýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugynyň bardygy, bu hukuklar durmuşa geçirilende, onuň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmeginden ugur alynmalydygy kesgitlenilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda  eneligi we çagalygy goldamak babatdaky işleri alyp barýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan döwletimiz 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen  Çaganyň hukuklary hakynd

Ketenisi gül keşbine ýaraşyk

Türkmen halkynyň milli sungaty öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Merdana pederlerimiz, ene-mamalarymyz gaýtalanmajak gymmatlyklary döredipdirler. Milli hünärmentçilikde ýüň, ýüpek we nah matalary dokamak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Düýe ýüňünden çäkmenlik matalar, nahdan biz, setin, çit matalar, ýüpekden bolsa keteni, sowsany, çepbetow, gyrmyzy donluk, garma donluk, daraýy, serindi ýaly milli geýimler üçin niýetlenen matalar dokalypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasyndan, zehininden dörän, zenan maşgalalaryň kaddy-kamatyna ýaraşyk berýän milli lybaslar bu gün sungat derejesine ýetdi, kämilleşip, täzeçe röwüş aldy. Gözüň ýagyny iýip barýan, arassa ýüpekden dokalan türkmen ketenisi dokma önümleriniň iň naýbaşysydyr, geçmişden şu günlere ýetirilen gymmatlykdyr. Zeminiň haýsy künjeginde bolanyňda-da, keteniden tikilen milli egin-eşiklerimiz: «Şu türkmeniňki bolmaly» diýdirýär. Keteniniň özboluşly ýakymlylygy, owadanlygy barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Onuň adam bedeniniň belli bir ýylylykda saklanmagyny sazlamakda, ýiti Gün şöhlesinden goramakda hem ähmiýeti bar.

Milli terbiýe mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çagalaryň, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi, ylym, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem çagalaryň sagdyn, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda alada edipdirler. Sözleýiş, pikirleniş başarnyklaryny ösdürmek endikleri kemala getirmek üçin dürli çekişme oýunlaryny gurap, çagalary durmuşa ugrukdyrypdyrlar. Meselem, «Ýüzük-ýüzük» oýny toý-tomguda göwün açmak üçin oýnalypdyr. Bu oýun synçylygy artdyrmak bilen, her bir zada ünsli bolmagy, şähdaçyklygy, ruhubelentligi, ugurtapyjylygy terbiýeläpdir. Söze aýratyn gadyr goýýan halkymyz çagalara sanawaçdyr ýaňyltmaçlary öwredipdirler. Ýaňyltmaçlar sesleri, sözleri sazlaşykly we ýalňyşman aýtmagy talap edýär. «Birje çemçe şorja serçe çorbasy», «Şu gara ýeri tokmaklasaň hem tokmaklarsyň, tokmaklamasaň hem tokmaklarsyň», «Çalt-çalt gepleme, suw böwedin bekleme», «Akja gar-a, akja gar, gar tozgasy jüpje gar, gar tozgasy köp bolsa, suwdan doýar gara ýer» ýaly ýaňyltmaçlaryň çagalaryň dilini kämilleşdirmekde, käbir sesleri dogry aýdyp bilmeýän çagalaryň sözleýşini düzetmekde gymmaty has uludyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇ «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan:

Arşdan saňa indirilen iň uly serpaý – bu ene mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir. Mähribanlygyň eneler bilen birliginiň asylky manysy olaryň dowamata ynsanlygyň iň asylly ýörelgelerini miras goýmak wezipesini berjaý edýänligindedir. Iň gowy gylyk-häsiýetler, başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy, aladasy bilen perzendine geçýär. * * *

Terbiýe — ömrüň bezegi

Türkmençilikde öý-ojaga maşgala mukaddesligi hökmünde garalýar. Biziň nesillere berýän terbiýämiz hem şol mukaddeslikden gözbaş alýar. Ata-enäniň ogul-gyzyna berýän terbiýesi görüm-göreldeden başlanýar. Ilçilikde gowy maşgala diýdirip bilýän ata-eneleriň terbiýeläp ýetişdiren zürýatlary soňra jemgyýetde-de gowy adamlar diýlip tanalýar. Pederlerimiziň pähimlerindäki «Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz» diýen ýaly dürdäne pikirler maşgala terbiýesi, ata-enäniň perzentlerine görüm-göreldesi bilen bagly aýdylypdyr. Maşgalada gyza berilýän terbiýede esasy orun enä degişli bolup durýar.

Soňlanmaýan sowal

Säher bilen işe ugranymyzda jagyl-da-jugul bolşup çagalar bagynadyr ak mekdebe gyssanyp barýan körpeleri görüp, hyýalymyzda gaýdyp hiç haçan gaýdyp gelmejek çagalygymyza dolanýarys. Iň ajaýyp ýatlamalary bagyş edýän şol günler hakydaňdan çykanok. Mugallym bize: «Hany çagalar, kim goşgy aýdyp berjek?!» diýse hemmelerden öň elimi galdyrýanym häzirki ýaly ýadymda. Iň söýgüli goşgymyz bolsa şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Enedir, ene» goşgusydy. Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp,Dünýäniň görki nä, aýdyp bersene!Gün hem diýenmişin nuruny döküp,Dünýäniň bar görki enedir, ene!

Maşgala daragty

Durmuş ýoly göni, çarkandaksyz däl. Onda dürli ýagdaýlar, päsgelçilikler hem ýüze çykaýýar. Şeýle ýagdaýlarda köpi gören ýaşulular durmuş tejribelerine daýanyp, islendik meseläniň oňyn çözgüdini tapypdyrlar. Şonuň üçin durmuş bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beresim gelýär. Bir obada önüp-ösen iki ýaş juwan durmuş gurupdyrlar. Toý tutulyp, ýaşlara ýagşy dileg-arzuwlar edilenden soň olar ilki-ilkiler agzybir ýaşapdyrlaram, ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň arasyna tow düşüpdir. Dürli bahana tapylyp, oňşuksyzlyklary artyp başlapdyr. «Taňrynyň güni darydan köp» diýleni-dä. Olaryň bu ýagdaýy ata-enesini alada goýupdyr. Olar maslahat berip görseler-de, öwüt-ündew etseler-de bu mesele doly çözülip gidäýmändir. «Bir çagalary bolsa düşünişer giderler» diýip, pikir edipdirler. Ýöne ondan soňam olaryň göwün islegi amala aşmandyr. Onsoň oglanyň atasy obanyň kethudasynyň ýanyna maslahata baryp, ýagdaýy düşündiripdir.

Bagt­ly maş­ga­la­nyň sy­ry (Hekaýa)

Dogan JÜJEOGLY,türk ýazyjysy Bülent bir zatlar sorap elini uzadyp duran adama gahar bilen garady. Ýaşy elliden agan bu kişi daşyndan öňler gabat gelýän sal-sal eşikli dilegçilere meňzänokdy. Geýimleri könedi, ýöne arassady. Ýüz-gözi tämiz, tut ýaly sagdyn görünýärdi. Ol içinden: «Jany saga-da meňzeýär. Gidip işlemäge derek dilegçilik edýär, belki, mendenem baýdyr» diýip pikir etdi. Öňem gahary gelip, lapykeç bolup durany üçin birden gazaba mündi-de, kemsidiji äheňde:

Beýikligiň başlangyjy edepdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, ata Watanymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinde tutýan ornuny dabaralandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp işleriň, beýik özgerişleriň ör-boýuna galýan döwründe mähriban Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby öz çuňňur many-mazmuny bilen örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde aýdylyşy ýaly, edep düzgünlerini berjaý etmek, edepli bolmak ýaly kadalar ir döwürlerden başlap, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip gidipdir. Gadym eýýamlarda ýigitleriň we gyzlaryň edep kadalaryna eýermekleriniň özboluşly aýratynlyklary kemala gelip, ol kadalar häzir hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu düzgünleriň ýaşlara degişli bolmagynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki nusgalyk edep kadalary ýaş ynsany durmuşda duş gelip biläýjek nogsanlyklardan goraýar, oňa ruhy we beden saglygy, jemgyýetdäki hem maşgaladaky orny bilen bagly köp ýagşylyklary eçilýär. Şonuň üçinem, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän edep bilen bagly düşünjäniň adamzadyň ylmy-tehniki gazananlarynyň pajarlap ösýän häzirki günlerinde hem wajyp bolmagy aýratyn bellärliklidir. Bagtyýarly

Zenan mähek daşydyr

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban eneler barada söz açyp: «Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady» diýip belleýär. Diýseň jaýdar aýdylan bu dürdäne jümläniň çuň mazmuny Bagtyýarlyk etrabynyň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň hünärmeni Süýjigül Aşyrowanyň saldamly zähmet ýolunyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň bu mähriban zenanyň baý iş tejribesini nazara alyp, türkmen maşgalalaryna mahsus agzybirlik ýörelgesi, maşgala berkligini goramakda zenan maşgalanyň orny barada gürrüň etmegi makul bilip, onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Süýjigül, indi tüweleme, zähmet ýoluňyza başlanyňyza 40 ýyla golaý wagt bolupdyr. Siz işiňizi ak ýürekden, yhlasly berjaý edip, ýaş maşgalalaryň, gaýyn-gelinleriň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini ýadawsyz alyp barýandygyňyz üçin il-günüň uly hormatyna mynasyp bolduňyz. Gürrüňimizi maşgala mukaddesligine bolan garaýşyňyzdan başlaýalyň.

Degişmeler

— Gyzym, dört sany çemçe saňa nämä gerek boldy? — Ynha, şu ýerde süýjüli kakao içmek üçin dört çemçe şeker guýmaly diýlip ýazylypdyr-da...

Ça­ga­lar bi­ziň gel­je­gi­mizdir

Jem­gy­ýet maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Her hal­kyň öz ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­si maş­ga­la düz­gün­le­ri, ene-ata­nyň ça­ga­la­ry­nyň il-gü­nüň öňün­dä­ki bor­jy bi­len kes­git­le­nil­ýär. Ha­wa, türk­men hal­ky hem per­zent ede­bi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­nyň berk hem kä­mil bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz gel­jek­ki ne­sil­le­ri ha­kyn­da çyn­la­kaý ala­da eden­di­gi­ni, ola­ryň akyl­ly-baş­ly ýe­tiş­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär. Çün­ki per­zent adam­za­dyň er­ti­ri­dir. Şu gün bi­len gel­je­giň ara­sy­ny bag­la­ýan köp­rü­dir. Her bir ça­ga­nyň il­kin­ji mu­gal­ly­my ene-ata­sy bol­mak bi­len, ça­ga şo­lar­dan gö­re­ni­ni öw­ren­ýär, eşi­de­ni­ni ýa­dyn­da sak­la­ýar. Ene-ata ça­ga­nyň edep-ter­bi­ýe­si­niň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň üçi­nem ne­sil ter­bi­ýe­si­ne ýüz­le­ne­ni­miz­de, ola­ryň öz­bo­luş­ly dün­ýä­si­ne gö­rä çe­me­leş­mek ze­rur­dyr. Ola­ry ki­tap­lar bi­len dost­laş­dyr­mak, bi­lim­li, edep­li, ter­bi­ýe­li ýaş­lar edip ýe­tiş­dir­mek her bir ata-enä­niň bor­ju­dyr. Çün­ki ça­ga­lar bi­ziň gel­je­gi­miz­dir.