Zenan mähek daşydyr

17 Oktýabr 2021
1832

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban eneler barada söz açyp: «Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady» diýip belleýär. Diýseň jaýdar aýdylan bu dürdäne jümläniň çuň mazmuny Bagtyýarlyk etrabynyň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň hünärmeni Süýjigül Aşyrowanyň saldamly zähmet ýolunyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň bu mähriban zenanyň baý iş tejribesini nazara alyp, türkmen maşgalalaryna mahsus agzybirlik ýörelgesi, maşgala berkligini goramakda zenan maşgalanyň orny barada gürrüň etmegi makul bilip, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

— Süýjigül, indi tüweleme, zähmet ýoluňyza başlanyňyza 40 ýyla golaý wagt bolupdyr. Siz işiňizi ak ýürekden, yhlasly berjaý edip, ýaş maşgalalaryň, gaýyn-gelinleriň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini ýadawsyz alyp barýandygyňyz üçin il-günüň uly hormatyna mynasyp bolduňyz. Gürrüňimizi maşgala mukaddesligine bolan garaýşyňyzdan başlaýalyň.

Söhbetdeş bolan Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.