Maşgala daragty

21 Oktýabr 2021
1640

Durmuş ýoly göni, çarkandaksyz däl. Onda dürli ýagdaýlar, päsgelçilikler hem ýüze çykaýýar. Şeýle ýagdaýlarda köpi gören ýaşulular durmuş tejribelerine daýanyp, islendik meseläniň oňyn çözgüdini tapypdyrlar. Şonuň üçin durmuş bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beresim gelýär.

Bir obada önüp-ösen iki ýaş juwan durmuş gurupdyrlar. Toý tutulyp, ýaşlara ýagşy dileg-arzuwlar edilenden soň olar ilki-ilkiler agzybir ýaşapdyrlaram, ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň arasyna tow düşüpdir. Dürli bahana tapylyp, oňşuksyzlyklary artyp başlapdyr. «Taňrynyň güni darydan köp» diýleni-dä. Olaryň bu ýagdaýy ata-enesini alada goýupdyr. Olar maslahat berip görseler-de, öwüt-ündew etseler-de bu mesele doly çözülip gidäýmändir. «Bir çagalary bolsa düşünişer giderler» diýip, pikir edipdirler. Ýöne ondan soňam olaryň göwün islegi amala aşmandyr. Onsoň oglanyň atasy obanyň kethudasynyň ýanyna maslahata baryp, ýagdaýy düşündiripdir.

Baýrammyrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy.