Durmuş öwrümleri hakda oýlanma

29 Oktýabr 2021
2200

Pederim hakda oýlananymda çagalyk döwrümdäki ýatlamalar kalbymy heýjana salýar. Pederim, sen maňa deň-duşuň, ýürekdeş dostuň hökmünde garardyň. Meniň bilesigelijilik bilen soraýan sowallarymy jogapsyz goýmazdyň. Bir gün dostluk baradaky gürrüňimizde: «Oglum, hemişe kitaby dost tutungyn, çünki ol hiç mahal ýalňyşdyrmajak dogry ýoly salgy berýändir» diýipdiň. Işiň juda kändigine garamazdan, gündelik wagtyň bir bölegini çagalaryňa sarp ederdiň. Teleýaýlyma bileje oturyp tomaşa ederdik, gazet-žurnallary okardyk. Soňra ara alyp maslahatlaşardyk, düşünmeýän zatlarymy howlukman düşündirerdiň. Mekdebiň sport meýdançasynda top oýnardyk, mellek ýerimizde işlärdik. Nirä gitseň-de, köplenç, ýanyňdan goýmazdyň. Hiç mahal gaharlanan, ajy söz aýdan wagtyňa gabat gelmändim. Islendik meseläni parahat çözerdiň, oýlanman söz aýtmazdyň. Men şeýle pederimiň bardygyna buýsanardym. Şol döwürler aňymda hemişe sen ýanymda bolaýjak ýalydyň.

Emma durmuş pikir edişimçe däl eken. Durmuş öwrüm-öwrüm, belentli-pesli ýaýylyp gidýän soňy görünmeýän ýol ýaly eken. Tomus aýlarynyň bir günüdi. Sen üzüm teläriniň saýasynda ertirlik edinip otyrdyň. Men bolsa obamyzyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän ekerançylyk meýdanyna işe gitmek üçin goşlarymy düwýärdim. Birdenem, maňa garaýan nazaryňa gözüm düşdi. Ol gözler hem maňa hem-de bir zatlar hakda oýa batyp uzaklara seredýärdi. Men beýle garaýşyňa heniz duş gelmändim, sesimi çykarmadym, ýöne kalbymda alasarmyk duýgular peýda boldy. Bu bakyşyň ol gözleriň iň soňky garaýşy boljakdygy ýatsam-tursam aňyma gelmezdi. Adamyň süňňi bir zatlar syzýan bolarly, soňky günlerimiň nädip geçenini bilmedim. Her gün düýşümde pederimi tapman, gözläp geçirýärdim, hopugyp ukudan oýanýardym. Öz bolşuma özüm geň galýardym. «Bu nämäniň alamatyka?» diýip, pikir edýärdim. Ine-de, ýoldaşlarym bilen işden dolanyp gelýärkäm, üýşüp duran adamlara gözüm düşdi. Olar maňa seredişýärdiler. Men galpyldap başladym. Meni oba alyp gaýtdylar. Şol gün meniň mähriban pederim bizi terk edip, bakyýete gidipdi.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.