Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

26 Awgust 2021
1836

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň abadan, asuda, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, şol sanda maşgala mukaddesligini gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi döwletiň, jemgyýetiň özenini maşgala emele getirýär. Maşgalada agzybirlik, asudalyk bolsa, jemgyýetde, döwletde hem agzybirlik, asudalyk höküm sürýär.

Jemgyýetiň özenini emele getirýän maşgala, ählimize mälim bolşy ýaly, iki sany ýaş juwanyň durmuş ýoluna gadam basmagyndan, ýagny bagt toýuny toýlamagyndan başlanýar. Durmuşa täze gadam basýan ýaş juwanlary birek-birege söýginiň, ynamyň, wepalylygyň, sylag-hormatyň gurşap almalydygy öz-özünden bellidir. Sebäbi şolar bolmasa, maşgalanyň binýady berk bolmaýar. Eger-de biz maşgalany uly daragt hökmünde göz öňüne getirsek, onuň köküniň näçe berk bolsa, şonça-da uzak ýaşajakdygy, töweregine saýa saljakdygy, gol ýaýradyp, miwe berjekdigi hemmä aýan hakykatdyr.

Döwletbibi BALHANOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.