Çaga terbiýesinde nakyllaryň orny

4 Iýul 2021
1668

Ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň esasylarynyň biri hem nakyllardyr. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygydyr, edep-terbiýe mekdebidir.

Nakyllar çagalara öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär. Çaga her bir hereketinde, özüniň geljekki durmuşynda ony sapak edinýär.

Aýna Gurbangulyýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.