Ene hüwdüsinden başlanýan söýgi

30 Iýun 2021
1682

Ene söýgüsi — keramatly güýç. Oňa taý geljek zady näçe uzak oýlansagam tapmak mümkin däl. Çünki ol edil ylym ýaly çäksiz barlyk. Perzendiniň sallançagyny üwräp, gijäni ukusyz geçiren ene: «Ýadadym, irdim» diýmez, gaýta «Aýlanaýyn adyňdan» diýip hüwdi aýdar. Ýer togalagyny ýyladýan — bu ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň mähirden dokalan aýasynyň sypan başlaryna hatda keselem kär edip bilmez. Enäniň bagtlylygyny artdyrýan zat perzendiniň durmuşda ilhalar, Watana wepaly perzent bolup ýetişmegidir. Ene bilen perzent — olar iki ten we bir jandyr. Perzent enäniň bagrynyň parasydyr.

Ýetginjeklik ýaşyna ýeten çaganyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli ene ýüregi näçe ezilse-de, balasyna käýemez. Gaýtam: «Oglum ýigit çykyp barýar» diýip, oňa öwüt berer. Soňra mähriban ene perzendini çagyryş boýunça Watan gullugyna ugradar. Şol pursat enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Sebäbi ähli türkmen enesi-de perzendine näçe «Balam, balam» diýse-de, jigerbendiniň Watan ogludygyny her pursatda duýup ýaşaýar, perzendini il-gün üçin, Watan üçin kemala getirýär. Hatda özüniň ýekeje dikraram bolsa, halkyň bagty ugrunda alnyp barlan söweşlere ogluny ugradan merdana türkmen zenanlarynyň sanardan kändigine taryh gözli şaýatdyr. Şol sebäpli-de türkmen ýigitleri Watany goramagy öz öňündäki mukaddes borç, belent mertebe hasap edýär. Çünki Watana bolan beýik söýgi olaryň kalbyna ene hüwdüsiniň mahmal owazy bilen ornaşýar.

Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.