Ýanýoldaş

25 Maý 2021
2510

Nobatdaky iş gününiň argynlygyny aýyrmak üçin ejem ikimiz agşamlyk naharyndan soň, mazaly demini alan gök çaýy öňümize alyp, ondan-mundan gümür-ýamyr etmegi endik edinipdik. Çaýyň ýany bilen ejemiň öz enesinden eşiden durmuş hekaýatlary, gören-eşidenleri baradaky gürrüňleri gulagyňa hoş ýakýardy. Ejem olaryň hekaýatyny mähirli sesi bilen howlukman aýdyp berýärdi. Onsoň sypaýyçylykly äheň bilen gulagyňa giren gürrüňleriň özenine örklenen öwütler ömrylla ýatdan çykanok. Bu gezegem şeýle boldy.

Mazaly demini alan gök çaýyň ýanyna gaba guýup süýji aldym-da, saçagyň başyndaky öňki ornuma geçip oturdym. Ejem öňünde goýan süýjülerimde birsalym manyly nazar egledi. Onuň bu syrly synlamasy enesiniň öz ömründe şaýat bolan ýene bir durmuş hekaýatyny ýadyna salan eken. Ejemiň durmuş hakynda gyzykly gürrüňleri jemläp, hakyda «sandygynda» apalap saklan bu hekaýatyny «ýanýoldaş» diýip atlandyrmak isledim...

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.