Maşgala — döwletiň synmaz sütüni

21 Maý 2021
1257

Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Akdepe etrap guramasy maslahat geçirdi. Etrapdaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim ulgamynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmekde maşgalanyň ornuny açyp görkezmek, zenanlary hormatlamak, maşgalany goramak, jemgyýetiň arassalygyny hem sagdynlygyny gazanmak, belent ruhly, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň ähmiýetini düşündirmek ýaly asylly wezipelerden ybarat boldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda kämil jemgyýeti kemala getirmekde bagtyýar maşgalalaryň ornuna uly ähmiýet berilýändigi, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, hormatyny artdyrmak barada döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigi, ýaş maşgalalaryň goldanylýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Ýaş gyzlara, ýaş maşgalalara görelde alarlyk derejede guralýan wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegiň ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň terbiýeleýjilik ähmiýeti, ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýandygy barada buýsançly gürrüň edildi, ene-atalaryň borçlary, maşgalada çagalara talaby güýçlendirmek, çagalar bagy, mekdepler bilen ysnyşygy berkitmek, terbiýe meselesine çynlakaý çemeleşmek boýunça öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.

Jemile HALMEDOWA,
Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.