Çaga terbiýesi

28 Aprel 2021
1792

MAŞGALAMYZ — BAŞ ALADAMYZ
Ata-eneler çagalarynyň janynyň sag, akylly, terbiýeli, zähmetsöýer, Watanyna wepaly bolup ýetişmeklerini isleýärler. Munuň üçin, ilki bilen, ata-eneleriň özleriniň janlarynyň sag, dogruçyl, tutanýerli, janypkeş, mähirli, talapkär, ruhy dünýäleriniň baý bolmagy zerur. Olar öz çagalaryna hemmetaraplaýyn görelde bolýarlar.

Çaga bir ýaşaýança boýunyň ösüşine, agramynyň artyşyna, hereketleriniň kämilleşişine, kesellere garşy göreşip bilşine gözegçilik edilýär. Diýmek, çaganyň iýmitine, arassaçylygyna, howa şertlerine öwrenişmegine, arassa howadan dem almagyna hem üns bermelidir. Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap ene-atasynyň mährini, aladasyny duýýar. Şonda çaga öz hossarlaryna mähirli bolýar, gowy düşünýär. Netijede, çagany terbiýelemek hem aňsatlaşýar.

Sapartäç NEPESOWA,
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.