Mukaddeslige öwrülen dagdan

1 gün öň
18

Güneşli Diýarymyzda ösümlikleriň dürli görnüşleri ösüp ýetişýär. Olar tebigata gözellik çaýmak bilen birlikde durmuşda dürli hajatlar üçin ulanylýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem dagdan agajydyr. Ol içi dykyz we gaty daragt bolup, daşy ýaryp çykýanlygy üçin oňa «dag agajy» diýilýär.

Gadymy ynançlara görä, dagdan agajy ynsany göz-dilden goraýar. Onuň şiresi bolsa adama güýç-kuwwat berýär diýlip düşünilipdir. Halkymyz bu agajyň bölejiklerini doga edip, egin-eşiklerine dakypdyr. Ilat arasynda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen pähim hem bar. Dagdanly adam atanlykda taýsa-da, oňa hiç hili zeper ýetmändir. Eždatlarymyz dagdanyň bela-beterden goraýandygyny, dagdanly adamyň mydama ýolunyň açykdygyny aýdýarlar. Yrym edilip, öýlerde çaga sallançagynyň diregi dagdan agajyndan taýýarlanylypdyr. Bu bolsa sallançagyň berkligine hem-de uklap ýatan çaganyň düýşürgemezligine oňyn täsir edipdir. Halkymyzda sallançaga direg edilen dagdan agajy çagajyga uzak ýaş diläp durarmyş diýlen ynanç ýörgünli.

Maral HOJAGULYÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.