Dünýäniň ýaraşygy, manysy — ene

31 Iýul 2024
368

Mähriban ynsan

Ene! Bu söz gör nähili mähriban, ajaýyp. Eneler dünýämiziň ýaraşygy, gelşigi. Dünýämiziň diregi bolan eneler janyndan jan berip, ýagty dünýä getiren perzendine mähir gujagyny gerip, ak süýdi bilen gandyryp, şirin mukama ýugrulan ajaýyp hüwdüsi bilen ony süýji uka batyrýar. Çaga ene mähri bilen dünýä inip, onuň söýgüsi, terbiýesi bilen ulalyp kemala gelýär. Çagasynyň ulalyp, kemala gelmeginde enäniň oňa siňdirýän mähir aladasyny, zähmetini ölçäp bolmaýar. Biziň gaýgymyza özümizden beter gynanyp bilýän, şatlygymyza şatlanyp bilýän ýeke-täk ynsan enedir. Ene özi iýmän iýdirýär, özi geýmän geýdirýär. Çagasyny durmuş ýoluna atarsa-da ene üçin ol elmydama çagadyr. Enelerimiz mydama çagalary üçin jan-serekdirler. Enelerimiziň «Kelläm agyrýar” diýenimizde daşymyzda kökenek bolşuny, gulpajygymyzy tasadyp bökjekläp oýnanymyzda bize guwanyşyny ýatlap söz bilen beýan eder ýaly däl. Ene mähri ýaly mähir, enäniň perzendine bolan söýgüsi ýaly arassa söýgi, ene ýüregi ýaly duýgur ýürek ýok bolsa gerek.