Dillerde dessan Pyragy

30 Iýul 2024
213

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenýän güneşli Watanymyzda türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy döredip, öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, onuň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan şygyrlary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Akyldaryň bahasyz eserlerinde her bir ynsanyň ýaşan ömründe il-güni üçin bähbitli işleri özünden soňky nesillere miras goýmagy ündelýär. Şahyryň şygryýet dünýäsi taryhy köklerini örän uzak asyrlardan alyp gaýdýan, halkyň arasynda sünnälenen durmuşy döredijilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň baý nusgalaryndan özboluşly peýdalanmagyň ussady bolupdyr.

Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi.