Mukaddeslik

11 Iýul 2024
450

Döwür, döwran hakda gürrüň edilende, ilki bilen, döwletimiziň goşa ganaty, jemgyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan maşgala baradaky aladalar seriňe dolýar. Ol aladalaryň ýyl geçdigiçe täze röwüşe eýe bolup, häzirki täze taryhy döwürde her bir türkmen maşgalasynyň asuda, abadan durmuşda, eşretli zamanada ýaşaýandygy baradaky hakykat kalbyňda egsilmez buýsanç döredýär. Maşgala halkymyzyň gymmatlyk hökmünde iň ezizleýän, apalaýan mukaddesligi. Çünki döwlet maşgaladan başlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz maşgalanyň ähli babatda üpjünçiligini öz üstüne alyp, bolelin ýaşamagy, nesilleriň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär. Her bir ene-atanyň baş maksady edepli-tebiýeli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek. Beýik söz ussady Magtymguly atamyz hem kemally perzendiň ene-ata berýän nepini öz goşgy setirlerinde:

Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.