Durmuşymyzyň gülleri

29 Maý 2024
644

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagy üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi.

1-nji iýunda, tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler halkymyzyň, şadyýan körpelerimiziň kalbynda buýsanç döredýär. Bu diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir. Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga — ömrüň dowamy» diýlip, örän jaýdar aýdylan pähimler bar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Göwher MÜLKIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 11-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.