Terbiýe saglyga nähili täsir edýär?

5 Aprel 2024
703

Nerw-psihiki keselleriň öňüni almakda psihogigiýena uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Psihogigiýena adamyň psihiki saglygyny goramaga we goldamaga gönükdirilen ylym bolup, ol adamyň psihikasyna ýaramaz täsir edip bilýän ýagdaýlaryň öňüni alýar. Ynsan ömrüniň islendik bir döwründe nerw ulgamynda, tutuş bedende özgertmeleriň bolup geçýändigi sebäpli adamlaryň psihikasynda belli bir üýtgemeler ýüze çykyp bilýär. Psihiki keselleriň öňüni alyş umumy keselleriň öňüni alşyň bir bölümi bolup, ol psihiki bozulmalaryň öňüni alýan çäreleri öwrenmek, saglygy goraýyşda ornaşdyrmak hem-de psihiki oňaýlylygy üpjün etmek babatynda maslahat bermek bilen meşgullanýar.

Şeker GOŞAÝEWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.