IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

3 Aprel 2024
333

Baýlyk kiçijek tohumdan şine ýaryp, gögerýän daragt mysalydyr. Ýygnajak birinji mis şaýyň şol daragta öwrüljek tohumdyr. Ony näçe tiz ekseň, ol şonça çalt boý alar. Dökünini kem etmän, dowamly süýşürintgiler bilen suwaryp, näçe gowy ideg etseň, onuň saýasynda şonça basym dynç alyp bilersiň. Ol şeýle diýdi-de, buýran ýazgylaryny alyp ýitirim boldy. Men onuň aýdanlary barada köp pikir etdim. Ahyry bu gürrüňde bir hikmet, sagdyn pikir bar diýen netijä geldim. Synanyşyp görmeli. Şondan soň her gezek zähmet hakymy alanymda, on manadyň birini ýygnap başladym. Geň galaýmaly ýeri, gazanjymyň ondan birini ýygşyranym bilen, güzeranym öňküden peselmedi. Hiç hili tapawut duýmadym diýen ýaly. Ýygnaýan pulum artdygyça, Finikiýadan (Finikiýa – Ortaýer deňziniň gündogar kenaryndaky sebit) gämili, düýeli gelýän täjirleriň aýlap ýören zatlaryndan alasym gelip, «içimi it ýyrtýardy». Ýöne kellämi işledip, maýyl edip barýan nebsime «haý» diýdim.

Algamiş şol gidişinden bir ýyl soňra, ýene köwlendi. – Oglum, bir ýylyň içinde gazanan puluň ondan birini özüňe töläp bildiňmi onsoň? – diýdi. – Hawa, halypa – diýip, dogumly jogap berdim. Üns bilen synlap durşuna: –Ýagşy. Ol pullary näme etdiň? – diýip sorady. – Kerpiç guýýan Azmura berdim. Ol deňziň aňrysyna gitdi. Finikiýadan gymmatbaha daşlary getirip berjek diýdi. Bärde geçginli. Peýdany elli-ellä gürleşdik. – Samsyk, akylyňa geňeşip etdiňmi şu işi? Kerpiççiniň gymmatbaha daşlardan başy çykýandyr öýtdüňmi? Ýyldyzlar hakda bir zat soramak üçin barardyňmy şonuň ýanyna? Ýapynjamdan ant içýärin, ýyldyz soramak üçin, bir damja akylyň bolsa-da, müneçjimiň ýanyna gidersiň. Ýigit, ýygnanja puluň ýele gitdi biläý! Baýlyk daragtyňy kökünden çapypsyň-a sen. Ýöne başgasyny ekip bilersiň. Ýene bir gezek synanyşyp gör, hany! Indi gymmatbaha daş boýunça maslahat gerek bolsa, göni zergäriň ýanyna bargyn. Eger goýun hakda bir zat bilesiň gelse, çopany tapmalysyň. Maslahatam bar zady çözüp bilmez, ýöne adamlardan diňe olaryň edýän işi boýunça maslahat almalysyň. Nadana gulak gabartsaň, bar puluňdan dynarsyň – diýdi-de, ötägitdi.

Seýitmyrat GELDIÝEW
žurnalist.