Milli buýsanjymyz

8 Fewral 2024
761

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.  «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda gelip gowşan şatlykly habar, ýagny 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň geçiren «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşynda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanyp, ýeňiji diýlip yglan edilmegi türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaý itimize halkara derejesinde berlen ýokary bahadyr.

2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edildi. Bu Kanunyň ýurdumyzda tohum itleri, hususan-da, türkmen alabaý itlerini gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr.

Rahat TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.