Merdana halkymyz milli gymmatlyklarymyzy gorap, aýap, kämilleşdirip, olary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelipdir. Ata-babalarymyzdan gelýän şol ajaýyp ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp, ol ýerde işleriň barşy, idedilýän behişdi bedewleriň ýagdaýlary bilen ýakyndan tanyşmagy, Hanbeg atly bedewe atlanyp, gezim etmegi hem bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň güwäsi bolup dabaralandy. Elbetde, şeýle ajaýyp döwürde bedew atlarymyzdaky reňkler barada bilmek hem gyzykly bolsa gerek.
Atlaryň reňkleri olary bir-birinden tapawutlandyrýan esasy alamatlardyr. Reňkleriň nesilden-nesle geçýändigi sebäpli, olar belli bir derejede atlaryň tohumyny we gelip çykyşyny anyklamakda maglumat hökmünde hem peýdalanylýar. Şonuň üçin atlaryň ähli resminamalarynda olaryň reňkleri hökmany ýagdaýda görkezilýär.