Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserindäki: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler» diýen dürdäne jümleleri pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda bedewine, alabaýyna goýan sarpasynyň, hormatynyň, olaryň durmuşdaky gadyr-gymmatynyň örän ýokary bolandygyny görkezýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu hormat-sarpa has uly belentliklere göterildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýanwarda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň dowamynda şu ýylyň 15—17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň iki ugur boýunça, ýagny arassa ganlylygy we owadanlygy, şeýle hem buýrugy berjaý etmekde düşbüligi we ünslüligi boýunça Russiýanyň çempiony bolandygyny aýdyp, türkmen alabaýynyň bäsleşiklerde mynasyp bolan güwänamalaryny Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidentine dabaraly ýagdaýda gowşurmagy hem-de hemmeleri bu ýokary derejeli sylaglar bilen gutlamagy hem munuň aýdyň güwäsi bolup, kalplarymyzy egsilmez buýsanja besledi.