Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ençeme heňňamlar aşyp, özünde gymmatly maglumatlary jemlän, umumadamzat medeniýetine uly goşant goşan medeni ýadygärlikler biziň topragymyzda örän köp. Olaryň biri hem Günorta Türkmenistanyň oturymly-ekerançylygyna degişli Änew medeniýetidir.
Änewiň meşhur taryhy depeleri Aşgabadyň gündogarynda ýerleşip, olar ekerançylyk bilen meşgullanan iň gadymy ýaşaýjylardan galan ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler barada ilkinji gezek 1886-njy ýylda Zakaspi oblastynyň başlygy, general A.W.Komarow söz açýar. Ol Änewiň demirgazyk depesinde ilkinji gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. A.W.Komarowyň bu baradaky habary Sankt-Peterburgyň «Nowosti» gazetinde hem-de ýerli «Aşgabat» gazetinde çap edilipdir. Soňra bu ýadygärlikde amerikaly alym Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda gazuw-barlag işleri geçirilýär. Toparyň Änewiň demirgazyk depesinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, «Änew I» we «Änew II» medeni gatlaklaryň üsti açylýar. Olar «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylan oturymly-ekerançylyk medeniýetini emele getirýär. Geçirilen gazuw-barlag işleriniň has ajaýyp açyşlarynyň biri-de, Änewiň demirgazyk depesiniň medeni gatlaklaryndan däneli ekinleriň galyndylarynyň aýratyn däne, gabyk we kök görnüşinde tapylmagydyr. Bugdaýdygy mese-mälim bildirip duran tapyndylar ata-babalarymyzyň bu ýerde däneli ekinleri ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär. Bugdaýyň bu görnüşi häzir «ak bugdaý» ady bilen bellidir.