«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024
Türkmen halkynyň milli mirasy bu günki gün dünýä içre dabaralanýar. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaýy özüniň arassa ganlylygyny, owadanlygyny, düşbüligini, ünslüligini ýer ýüzünde ykrar etdirýär. Muny 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça geçirilen Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionaty hem tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi. Onda ýeňijiler arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanyldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy. Netijede, 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň özi tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan halkymyzyň, ata-babalarymyzyň esaslandyran halk seçgiçiliginiň hakyky nusgasyny bütin dünýä äşgär edendigini görkezýär.