«Aklygy ýüze sylsaň, alnyň açylar...»

24 Ýanwar 2024
863

Asyrlaryň dowamynda dürli yrymlar türkmen durmuşyna ornaşyp, halkymyzyň edep kadasy hökmünde arkama-arka dowam edip gelipdir. Şeýle yrymlaryň biri ýagşy zady ýüze sylmak edebidir. Ýüze sylmak edebiniň düýp esasynda halkymyzyň isleg-arzuwy, gowulygyň özüne ýaran bolmagynyň dilegi jemlenipdir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady — täze dogan Güni, täze dogan Aýy, täze dünýä inen çagany, täze gelni, halal gazanylan gazanjy-serpaýy, tamdyrdan çykan çöregi, toýda berlen ýaglyk-paýy hem-de keramatly kitaplary ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigini belleýär. Halkymyzyň ýüze sylmak edebi hakynda pikir gozgalanda, gadymy döwürden galan bir waka küýüňde janlanýar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.