Halkymyz has irki döwürlerden ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Türkmen aganyň bereketli desterhany hasaplanýan uç-gyraksyz Garagum sährasynda düýeleri, iri we ownuk şahly mallary idetmek, köpeltmek bilen bir hatarda, düýe, sygyr, goýun-geçi süýdünden gatyk, çal, agaran, gurt, saryýag ýaly köp görnüşli süýt önümlerini hem taýýarlanypdyr. Şol taýýarlanylýan süýt önümleri gündelik azyk hökmünde ulanylypdyr. Şeýle köpdürli süýt önümleriniň has giň ýaýran we uly isleg bildirilýän görnüşleriniň biri hem çekize bolupdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» atly meşhur goşgusynda:
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur —