Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

20 Dekabr 2023
882

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany

Söhbetini etseň, saz bolup eşidilýän gürrüňleriň ýumagyny näçe çözleseň çözläbermeli. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy barada aýtdygyňça ol hakyndaky sözler bir-birine sepleşip, beýik dagy emele getirýär. Dana atamyzyň ylham çeşmesi umman ýaly giň, deňiz deýin çuň, derýa kimin akgynly. Onuň kenaryna baryp, akyl gämisini kürekläp, ylham dünýäňi näçe baýatsaň baýadybermeli. Pyragynyň ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolan pähim-parasada ýugrulan edebi mirasy hiç haçan esgilmezdir. Şol edebi mirasy susup alyp, aňyňa guýanyňda kalbyň gözelleşip, sende täzeçe dünýägaraýyş kemala gelýär. Ol dünýägaraýyş bolsa sende ruhy güýç döredip, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, bir-birege hormat goýmak, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryny oýarýar. Şahyryň döredijilik dünýäsinde beýik güýç, ruhy päklik bar. Ol dünýä aralaşdygyňça dünýäňe gözellik çaýylýar. Gözellik bolsa bu barlyga, durmuşa baky söýgi döredýär.