Halkymyzyň guwanjy, milli buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy türkmen milletiniň ruhuna kybapdaş täze bir edebiýatyň düýbüni tutdy. XVIII asyrdan bäri bu beýik dana şahyr her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçegi hökmünde ýaşap gelýär. Akyldar şahyryň her bir eseri mertlige, wepalylyga, gaýduwsyzlyga, agzybirlige ýugrulandyr. Taryhda türkmen halky döwlet gurmak, bir başa uýmak hakynda arzuw edipdir. Şu jähetden, Magtymguly Pyragy hem tire-taýpalary bir döwletlilige çagyryp, şygyrlar ýazypdyr.
Şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda: