Şöhratly bedewler

8 Dekabr 2023
699

Türkmen halkynyň ençeme müň ýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir. Halkymyzyň naýbaşy milli gymmatlygy bolan behişdi bedewlerimize çäksiz hormat-sarpanyň aýdyň alamaty hökmünde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi ähli watandaşlarymyzy buýsandyrýar, nesilleriň kalbynda milli mirasymyza egsilmez söýgini kemala getirýär.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda, milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde behişdi bedewlerimiziň aýratyn orny bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhymyzda türkmenleriň ahalteke bedewlerimizi baýlygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde ezizländigi hakyndaky maglumatlar dünýä äşgär edilýär.

Şöhle MUHAMMEDOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.