Zübeýda getirilen çäýnek

16 Noýabr 2023
885

Magtymguly öz uýasy Zübeýdany janyndan eziz görerdi. Ony suwdan, ýelden gorardy. Syýahata gideninde-de, iň ökde zergärleriň yhlasy, zähmeti siňen şaý-sepleri, ussat kulallaryň ellerinde nepislik bilen ýasalan küýzeleri sowgat edip, mähriban uýasyny begendirerdi. Zübeýda agasynyň getirip beren iň gymmatly sowgatlaryny ejesinden sowgat galan sandygyna salyp, aýap saklardy.

Ynha, günleriň bir güni jahankeşde Magtymguly atamyz pygamberlerimiziň nazary düşen mukaddes ýerleri aşyp, Hindistana barýar. Bu mekanyň görlüp-eşidilmedik mukaddes ýerlerine syýahat edýär. Magtymguly syýahatynyň dowamynda Gündogaryň şowhuny ýetik bazarynda dürli ýurtlardan gelen täjirler, söwdagärler, şahyrlar bilen ýakyndan tanyşýar. Olara öz zehininden dörän şaý-seplerini görkezip, onuň ýasalyşynyň inçe syrlary hakynda gürrüň berýär. Magtymgulynyň gyzykly gürrüňlerini diňläp oturan bir derwüş ýerinden turup, «Bu berdaşly ýigidimiz gadymy Oguz ýurdundan bolmaly. Onuň egnine geýen nagyşly donundan aňdym. Oguz ýurdunda Gündogaryň beýik ýyldyzy, şahyr Magtymguly diýen ýigit bolmaly. Onuň her bir şygryny altyna, kümüşe deňeýän diýsemem,  bärden gaýdýar» diýip, batly sesi bilen Magtymgulynyň goşgularyny zowladyp aýdyp başlady.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.