Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz söz mülküniň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýar, özüniň manyly çykyşlarynda şahyryň şygyrlaryna yzygiderli ýüzlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda şahyryň heýkeliniň öňünde söz ussadyna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi, şahyryň mertebesini has-da belende göterdi. Okyjylaryň aňynda baky orun alan şygyrlar, şahyr ýüreginden güýç alýan sözüň gudratyny, ölmez-ýitmez häsiýete eýeligini aýan edýär.
Gahryman Arkadagymyz:
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne —