Milli gymmatlygymyza belent sarpa

1 Noýabr 2023
689

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda alabaýyň gelip çykyşy, taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu kitaby okap çykanyňdan soňra, milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyň bir gez belende göterilýär. Elbetde, bedew atlarymyzyň eýesine wepaly bolşy ýaly, alabaý itleri-de wepalylyk häsiýeti bilen öňe saýlanýan jandarlaryň biridir.

Ata-babalarymyz alabaýy wepaly ýoldaş, dost saýypdyrlar. Türkmen halkynyň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda hem itler bilen baglanyşykly pähimler az däl. «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «It — ata, är — daýa», «It — çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «It gylygyna eýesi ýetik», «It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez», «Itim — gutum», «It geldi — gut geldi», «Itiň demi — süňküň emi» ýaly nakyllar halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň uly orun eýeleýändiginiň güwäsidir.

Eziz Çarýargulyýew,
Balkanabat şäheriniň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.