Milli gymmatlygymyza belent buýsanjyň beýany

30 Oktýabr 2023
598

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde guran dabarasyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, dürli kärde zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş  edenler «Türkmen alabaýlary goragçy, sakçy itleriň hatarynda öňdäki orunlarda durýar. Olaryň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyz öz eserlerinde belläp geçýär. Alabaý itleri hem behişdi bedewlerimiz ýaly milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtamak bilen, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, türkmen alabaý itleriniň at-owazasyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra medeni çärelere giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasynda, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň waspy ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň b  u ýerde guralan ajaýyp kitaplarynyň, ýaş suratkeşleriň türkmen alabaýyna bagyşlap döreden eserleriniň, amala-haşam sungatynyň sergisi hem köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Ogulsuraý Täçmämmedowa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».