Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Noýabr 2023

27 Oktýabr 2023
2200

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04

Noýabr aýy zähmetsöýer hamallar üçin işjeňligiň we joşgunlylygyň aýy bolar. Esasy zat, töweregiňizdäkiler bilen ysnyşykly gatnaşygyňyzyň gowşamagyndan seresap bolmagyňyz gerek. Bu siziň işleriňiziň ilerlemeginde bökdençlik döredip biler. Ruhdan düşmäň. Öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmäge çalşyň. Ýaýdanmaň we ýaltalyga ýol bermäň. Bu aýda bolup geçjek hadysalaryň ählisini gowulyga ýormak siziň islendik päsgelçiligi ýeňip geçmegiňize ýardam eder. Maşgalaňyzda-da asudalygy saklamaga çalşyň. Iş başagaýlygy bilen maşgala gämiňizi küreklemegi unutmaň. Heniz öz taýyna duşmadyk hamallara ýyldyzlar täze tanyşlyklaryň garaşýandygyny aýdýarlar. Bu aý telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän hamallar üçinem amatly döwür. Bu aý girdejiňiziň birden artmagy mümkin. Ony tygşytly peýdalanmak geljekki aýda ýeňillik döreder.