Gadymy seçgiçilik sungaty

25 Oktýabr 2023
558

Ata-babalarymyz çopan goşunda, mal yzynda ulanmak üçin çem gelen güjükden özüne it tutunmandyrlar. Onuň gelip çykyşyny, ene-atasyny, nesilbaşysyny, tohumyny, hatda eýesini hem gowy anyklapdyrlar. Güjükleri öz enesine saýladypdyrlar. Garaňky jaýda enesi haýsy güjügini birinji ysyrganyp tapsa, şol hem gowy it bolup ýetişýär. Mundan başga-da, tejribeli çopanlar täze bolan güjükleriň agzyny açyp, ýokarky äňine seredipdirler. Şonda haýsy güjügiň ýokarky äňi gara bolsa, şol goýun it tutunmak üçin bellenipdir. Sebäbi ýokarky äňi gara bolan güjükler örän dogumly, garadangaýtmaz, batyr, özem sürä sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlip hasaplanypdyr.

Çopançylyk tejribesinde itleri aç saklap, olaryň arassa ganlylygyny, çydamlylygyny barlamak usuly hem ulanylypdyr, ýagny çopan goşunda daňylyp goýlan goýnuň ýanynda ite 2-3 gün ýal bermän, aç daňyp saklaýarlar. Hakyky goýun iti açlygyna döz gelip, hiç wagt goýun sürüsine agyz urmaýar.

Aýgözel ARAZBERDIÝEWA.