Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiz has-da şöhratlandyrylýar. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, wepaly dosty hasaplanýan alabaý itleri milletimiziň köpasyrlyk mirasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bu ugurda alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esasda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.