Gadymy «Goçak» nagşy

24 Oktýabr 2023
543

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda milli medeniýete, sungata uly üns berilýär we olary geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Islendik beýleki gymmatlyklar ýaly, gadymy adamlaryň sungaty hem özüni döreden halkyň dünýägaraýşy hakynda maglumat berýär. Irki zamanlar barada ýazuw çeşmeleriniň juda azlygy arheologik maglumatlaryň gymmatyny has-da artdyrýar, olary gadymy jemgyýeti öwrenmekde wajyp gurala öwürýär. Şeýle bahasyna ýetip bolmajak hakyky taryhy subutnamalaryň biri-de küýzegärçilik, ýagny keramika sungatydyr. Medeni gymmatlyklaryň sungat derejesine ýetirilen senetleriniň öwrenilmegi bolsa, ýurdumyzyň taryhynyň täze sahypalaryny dikeltmäge ýardam edýär. Gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden ýa-da b.e.öňki VI müňýyllykdan alyp gaýdýan küýzegärçiligiň, şeýle hem reňkiň oýlanylyp tapylmagy, keramikada we diwar ýüzünde ilkinji nagyşlaryňdyr suratlaryň emele gelmegi şol döwrüň örän möhüm üstünligidir. Haly nagyşlaryny ýatladýan geometrik alamatlar keramikanyň ýüzünde eýýäm eneolit zamanynda ýa-da Änew medeniýeti döwründen — b.e.öňki V müňýyllykdan bäri bellidir.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.