Garly pälwanly gürrüňler

20 Oktýabr 2023
604

Türkmen topragy – pälwanlaryň mekany. Merdana gerçek ýigitlerimiz, ýagyrnylary ýere degmedik pälwanlarymyz hakyndaky gürrüňlerem il arasynda ýyllardan-ýyllara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda Kuraş boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň barha golaýlaşýan häzirki günlerinde şeýle pälwanlarymyz hakynda söhbet etmegiň özem kalbyňda buýsançly hem ýakymly duýgulary oýarýar. Gadymy Balkan topragynda hem pälwançylykda nusga görkezen adamlar barmak büküp sanardan köpdür. Annadurdy Ýagsoran, Muhammet pälwan, Salar pälwan, Nepes pälwan, Teke gyzyl, Orazdurdy torköýnek, Agamyrat pälwan, Garly pälwan, Handurdy pälwan, Derýa pälwan ýaly saýyrdyň ýigitleriň pälwançylyk ýoly gürrüň berenlere-de, ony diňlänlere-de nusgalykdyr. Şeýle atly-abraýly pälwanlaryň biri-de häzirki Bereket etrabynyň Ajyguýy obasynyň töwereklerinde ýaşap geçen Garly pälwandyr. Bu pälwan hakynda merhum žurnalist Gurbanberdi Goýunlyýewiň toplan maglumatlary esasynda gürrüň berjek wakalarymyz sizi biparh goýmaz diýip umyt edýäris.

Söhbedini etmekçi bolýan pälwanymyzyň kakasyna Nazguly hajy diýlip, onuň örän köp maly bolupdyr. Garly pälwan goňşy obalara gidip, mal, mata, haly, palas, keçe söwdasyny edipdir, umuman, maşgalasyny, esasan, söwda-satyk bilen ekläpdir. Uzak ýerlere gidip söwda edýän wagtlaram az bolman, Garly şol ýerlerde ýany bilen alyp giden düşeklerini bugdaýa, jöwene, mäşe, tüwä çalşypdyr.

Taýýarlan Aşyrberdi GURBANOW.