Zenan dünýäsiniň bezegi

18 Oktýabr 2023
746

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň şu günki günde belent manysyna laýyklykda durmuşa geçirilýändigini zenan ýüregiň bilen syzmak we oňa guwanmak uly bagtdyr. Çünki täze taryhy eýýamymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň oňyn netijesinde zenanlaryň hem paýynyň uludygy göz öňünde tutulyp, olaryň mertebesini, jemgyýetde tutýan ornuny has-da beýgeltmek ugrunda düýpli özgerişlikler alnyp barylýar.

Türkmen zenany deňi-taýy bolmadyk nepis halylary, bezemen toý lybaslary, çeper el işleri bilen dünýäde meşhurdyr. El hünäri — zenan dünýäsini bezeýän sungat. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýen ýakymly ýatlamalary deýin inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň ýaşlygyndan öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçip gelýär.

Gülnar SOLTANOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.