«Goýdular adyn munuň «Wagzy-Azat»

18 Oktýabr 2023
645

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gaýtalanmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge we ony ösüp gelýän ýaş nesle wagyz etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Nusgawy türkmen edebiýaty hakda söz açylanda beýik söz ussady Magtymguly Pyragy ýaly zehinli şahyry terbiýelän, okadan, halypalyk eden Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi hakda hem söhbet edesiň gelýär. Ol nusgawy türkmen edebiýatyny täze-täze pikirler, pähim-paýhaslar bilen baýlaşdyran diňe bir ussat şahyr bolman, eýsem, ähli babatda halypa mugallym mertebesine galan beýik şahsyýetdir.

Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň milli nusgasy ussat şahyr Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde giňden beýan edilýär. Ol arap, pars dillerini kämil derejede bilipdir. Şol dilleriň üsti bilen dünýä alymlarynyň filosofik aň-paýhasyny we taglymatyny akyl nepesinde durlap, öz eserlerine siňdiripdir. Şahyryň öz döwrüniň ylym ojaklarynda kämil sapaklary geçendigini bize miras goýan eserlerindäki ylmy dünýägaraýşy doly şaýatlyk edýär.

Gülälek BATYROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.