At — myrat

17 Oktýabr 2023
616

Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Ýeri gelende aýtsak, täze «akylly» şäher güwänamalaryň, diplomlaryň ençemesine mynasyp boldy we oňa BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Arkadag şäherinde gurlan bilim ulgamynyň ajaýyp desgalary görenleri haýran galdyrýar. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem bar.

Jennet SEÝDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň öwreniji-mugallymy.