Eger okamagy söýýän, kitaplar dünýäsinde ýaşamagy başarýan adamlar bu sözleri okanda kalbynda bir mähriban ezizlik duýjagyna ynanýaryn. Sebäbi bu duýgularyň barysy kitaba hormat goýmakdan gelip çykýar.
Ata-babalarymyzyň kitaba hormat goýandyklaryny kän çeşmeler habar berýär. Muny biz «Awesta» kitabynyň bize gelip ýeten bölekleriniň mazmuny hem taryhy, däp-dessurlary, tebigaty öwrenmäge kömek edýänligini hem ýatlap bileris. Ýa-da belli alym Wadim Mihaýlowiç Massonyň 1948-nji ýylda Nusaýda gazuw-agtaryş işlerini geçirende keramikanyň ýüzüne ýazylan «Salgyt resminamalary» hem-de «Zaryna hakynda rowaýatlar» diýen ýazgylary tapmagy biziň üçin kitabyň gözbaşynyň has irki döwürlerden başlanýandygyny görkezýär.