Dürler hazynasy

27 Sentýabr 2023
617

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çuňňur öwrenilýär we onuň mertebesine belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň şahyrana dünýäsiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrülendigini belläp, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ady dürli dillerde ýaňlanýar. Akyl-paýhasyna sarpa goýlup, hormatyna bagyşlanyp ýurdumyzda, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdylýar. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek we türkmen şahyrlarynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek boýunça Magtymguly adyndaky Halkara baýragy döredildi. Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň milli sazly-drama teatryna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky obalara, şaýollara şahyryň ady dakyldy. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy hem akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi-de akyldar şahyrymyzyň halkymyzyň arasynda çuňňur hormatlanylýandygyny äşgär edýär.

Zyýada BARATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.