Köptaraplaýyn hödürnamalaryň ikisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda

25 Sentýabr 2023
855

Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde taýýarlan «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň geçirilýändigi bellenilip, onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilendigi aýdyldy.

"Nesil".