Keçe

31 Awgust 2023
679

Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň hem orny uludyr. Türkmen zenanlarynyň yhlasa ýugrulan zähmeti bilen taýýarlanylýan keçe we keçe önümleri milli amaly-haşam sungatymyzyň täsin gudraty hasaplanylýar. Dürli görnüşli keçe nagyşlary halkymyzyň milli aýratynlyklaryny öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.

Goýnuň saýmaga has ýaramly bolan güýzlük ýüňi  keçe üçin peýdalanylýar. Keçeler dürli görnüşlerde bolýar. Gülli keçe, ak keçe, durluklyk, üzüklik keçeler we başgalar. Keçeden çopan ýapynjalary, at keçeleri — ýapynjalary, düýe halyklary edilýär. Arheologik maglumatlardan belli bolşy ýaly, çarwa taýpalarynyň durmuşynda keçe halydan öň peýda bolupdyr. Halyçylygyň taryhynyň öz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki V-IV ýüzýyllyklardan alyp gaýdýandygy taryhy maglumatlardan mälim bolsa, keçäniň ýüze çykmagy ondan hem irki döwürlere degişlidir. Keçe we haly önümlerine salynýan nagyşlardaky umumylyk türkmeniň milli köklerini yzarlamaga ýardam edýär. Gadymy döwürlerden bäri haly-keçe önümlerini dokapdyrlar.

Jennet ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.