Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2023

17 Awgust 2023
2186

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04

Sentýabr aýy ýyldyzlar hamallara zähmetde erjel bolmaklygy we hemme zat babatda sabyr etmekligi maslahat berýär. Bu aý olaryň durmuşynda ilkinji ýerde iş orunlary bolup, jogapkärçilikleri artar. Iş bilen başagaý hamallar özlerine juda agram salmaly däldirler. Işdeş ýoldaşlaryňyzyň ýardamyndan ýüz öwürmäň. Bu siziň işiňizde ýeňillik döredip, ýoldaşlaryňyz bilen gatnaşygyňyzy has-da berkider. Jan aýaman zähmet çeken hamallar aýyň ahyryna ýetmezden, işiň oňyn netijesini görüp başlarlar. Bu döwür olar üçin özgerişlikleriň döwri bolar. Bu aý maddy ýagdaýyňyz biraz durnuksyz bolup biler. Şonuň üçin hem hemişe tygşytly bolmakdan zyýan gelmez.