Balykgulaklardan balyjaklar

2 Awgust 2023
1407

Mähriban çagalar, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde oňat dynç alýansyňyz! Jana şypaly howasy, özboluşly gözelligi bilen çagalaryň hem ulularyň dynç almaga barýan mesgeni bolan Awazada wagtyňy hoş geçirmegiň ýene bir hezilligi bar. Ol hem deňiz tolkunlarynyň kenarýakasyna getirýän balykgulaklaryny ýygnamak. Ululy-kiçili, şekilleri biri beýlekisinden parh edýän balykgulaklary saýlap, gowy gören balykgulaklaryny ýygnamagy özüne güýmenje edinen çagajyklara kän duş geldik. Ol çagalar bu balykgulaklardan deňiz jandarlarynyň şekiljiklerini, deňziň tolkunlaryny görkezýän surat eserlerini döredip bolýandygyny aýdyp berdiler. Biz hem size balykgulaklardan balyk şekiljiklerini ýasamagy öwretmekçi.

Gerekli esbaplar:

«Güneş».