Baş gelin — başymyň täji

20 Iýul 2023
1903

Türkmeniň bägül ýaly gyzlary, gül görkli gelinleri hemişe dillerde dessan bolup gelipdir. Olara edep-ekramlylyk, asyllylyk, sabyrlylyk, çeperellilik, utanç-haýalylyk mahsus. Ene-mamalarymyz maşgalada gyz çaga aýratyn terbiýe berip, olara ýaşlykdan gündelik durmuşda gerek boljak hünärleri: öýi arassa saklamagy, tagam taýýarlamagy, ony saçaga äbermegiň düzgünlerini, haly-palas dokamagy, keşde çekmegi, keçe güllemegi... ýaş aýratynlyklaryna görä öwredipdirler. Öz öýlerinde ejesinden we özünden uly uýalaryndan asylly terbiýe alan gyz şol edep-ekramlylygy gelin bolup baran öýünde-de dowam etdiripdir.

 Öňki makalalarymda belläp geçişim ýaly, körpe gelniň maşgalanyň iň kiçi oglunyň, ýagny körpesiniň öýünde ýaşamagy halkymyzda ýörgünli däp hökmünde dowam etdirilýär. Körpe ogul bilen körpe gelin ene-atasyny goýup, başga bir ýere göçüp gitselerem halanylmaýar. Ol, näçe heňňamlar aýlansa-da, şeýleligine-de galypdyr.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.